- üst
- 1) Bir zadyň ýokarky bölegi, ýokarky ýüzi.∙ Olar goçbuýnuzly keçäniň üstünde oturdylar. («Tokmak» žurnaly)∙ Aýsolatnyň kitaby stoluň üstünde edil irkilýän ýaly yranyp, obanyň içinden geçip barýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)2) Ýokary, asman, belent.Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.Meselem üst - üstüm, üstüň.◊ iş üstünde — seret iş∙ Iş üstünde mäkäm duran ýigitler, mertlik bilen durşuňyza guwanýan. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)◊ üsti açylmak — Aýan bolmak, äşgar edilmek, ýüze çykarylmak.◊ üstünden barmak — Gabat gelmek, duş gelmek, pete-pet gelmek.∙ Sen maňa gulak as, men häzir bir elpe-şelpeligiň üstünden bardym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ üstünden sowuk suw guýlan ýaly bolmak — Bir zatdan eýmenip, tisginip gitmek, gorkmak, gaty utanmak.◊ üstüne almak — Bir işi özi ýerine ýetirmäge razy bolmak, boýun bolmak.∙ Ol bu wezipäni batyrlyk bilen öz üstüne aldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)◊ üstüne çişmek — Birine haýbat atmak, gazaplanmak.∙ Meniň üstüme çişmäni hem başarýardyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ üstüne ýüklemek — seret ýüklemek◊ üstüni alyp durmak — Hemişe ýanynda bolup bizar etmek.∙ Emma olar hem bularyň üstlerini alyp durmansoňlar, olary-da biziň ýaly ýer astynda hasaplaýardylar. («Tokmak» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.